Türkmenistanda ilatyň azyk aladalarynyň fonunda daşary ýurtly myhmanlara 'iýmit bolçulygy' görkezildi

BMG-nyň ösýän ýurtlaryň halkara konferensiýasyna gatnaşanlara üstünlikleri görkezmek üçin gurnalan sergi. Awaza, 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty.

Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäresi resmi dabaralar we şowhunly tomaşalar bilen tapawutlanýar. Günüň dowamynda sazly konsertler, bezemen sergiler geçirilýän bolsa, agşamlaryna feýerwerk atylýar. Emma depe-depe edilip goýlan we uly möçberde ýere seçilen azyk önümleriniň sergisi ençeme ýyl bäri iýmit aladasyndaky ilat köpçüliginiň ünsüni çekdi we nägilelik döretdi.

"Türkmenistandaky ykdysady krizis çuňlaşyp, halkyň durmuş derejesiniň iňňän pese gaçan wagtynda Türkmenistanyň hökümeti şeýdip, öz aýybyny gizlejek bolýar we halkara guramalarynyň gözüne çöp atmak üçin şeýle çäreleri gurnaýar" diýip, Türkmenbaşynyň ýaşaýjy Azatlyk Radiosy bilen öz pikirini paýlaşdy.

Şu günler Türkmenbaşynyň golaýyndaky Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirilýär.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin gurnalan dabaralar barada ýerli habarçymyz şeýle gürrüň berýär:

"Daşary ýurtlardan gelen myhmanlara agşamlaryna dürli konsertler berilýär, türkmen bakja önümleriniň sergisi dürli öwüşgünler bilen bezeldi, göçme tamdyrda gazak unundan taýýarlanan we sazagyň közüne bişirlen mele myssyk çörekler myhmanlara hödürlenýär, şol ýerde ýagda bişirilip, pişme paýlanýar, myhmanlara dürli tagamlar hödürlenip, çişlik bişirilip berilýär" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Awazada we Türkmenbaşyda daşary ýurt myhmanlarynyň barýan ýerlerine ýerli ilat goýberilmeýär.

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary bu halkara konferensiýasy sebäpli dürli çäklendirmelere sezewar bolýarlar. Olara agşamlaryna köçä çykmak gadagan edilýär. Balkanly häkimiýetler ençeme ýurduň wekilleriniň Türkmenistanda boljak günlerinde azyk dükanlarynda we bankomatlaryň öňünde nobatlar bolmaz ýaly, aýlyklaryň we pensiýalaryň 10-njy awgustda beriljekdigini ýaşaýjylara öňünden duýduryş berdiler.

Awazadaky halkara çäresi 8-nji awgusta çenli dowam edýär.

Şol bir wagtda ýerli ýaşaýjylar döwlet telewideniýesinde görkezilýän reportažlarda myhmanlaryň Türkmenistan barada aýdýan öwgüli sözlerine nägile bolýarlar.

"Myhmanlar bu dürli nygmatlardan iýip, içip Türkmenistan gözel, baý ýurt diýip nygtaýarlar. Ýöne bu bolçulygyň arkasynda Türkmen milletiniň aşa garyplaşmagy we gözgyny ýagdaýa düşmegi ýatyr" diýip, balkanly ýaşaýjylaryň ýene biri aýdýar.

Türkmenistanyň ilaty soňky 8 ýyl bäri azyk gytçylygyna sezewar bolýar. Ilat köpçüligi agyr maddy ýagdaýda ýaşaýar we döwlet dükanlarynda bazarlardaky nyrhlardan sähel arzan satylýan azyga, şol sanda çörege mätäç bolýar. Un-çörek ýetmezçiligi wagtal-wagtal güýçlenýär we nobatlar döreýär.

Şeýle-de ilat öz gazanç hakyny we pensiýasyny, döwletden kömek pullaryny wagtynda alyp bilmeýär. Puluň hasaplara geçirilmeginiň gijikdirilmegi we bankomatlarda nagt puluň ýetmezçiligi muňa sebäp bolýar.

"Bu ýalan sahnalaşdyrylan çäre konferensiýanyň netijeliligi barada sorag döredýär. Bu çykdajydan başga zat däl. Peýda berjege meňzemeýär. Myhmanlar Türkmenistany öwdi, türkmen hökümeti bolsa, öz gezeginde gelen myhmanlara dürli öwgüleri aýdyp, olardan kem galmady" diýip, Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenbaşyly ýaşaýjylaryň ýene biri aýtdy.

BMG-niň Awazadaky halkara konferensiýasy bu ýerde dynç alan türkmenistanlylara hem täsir ýetirdi. Awazada dynç alan raýatlar daşary ýurtly myhmanlaryň gelmeginden öň dynç alyşyny bes etmäge we tölän myhmanhanalaryny terk etmäge mejbur edilipdi.

Awazadaky taýýarlyklardan habarly çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, myhmanhanalarda saýlanan we jikme-jik barlagdan geçirilen işgärlerden we güýç gulluklaryň wekillerinden başga adam galmandyr.

Şeýle-de, haýal we gymmat internetli Türkmenistanda daşary ýurt myhmanlar ýokary tizlikli internet bilen üpjün edildi, emma sebitiň galan ýerlerinde internet petiklendi.

Degişli maglumat Awazada BMG-niň forumyna taýýarlyk görülýär, ýerli ilat üçin çäklendiriji talaplar girizilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.