ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň maglumatyna görä, Tehasda 22 ýaşly harby gullukçy Teýlor Adam Li M1A2 Abrams tanky we onuň gowuşgynsyzlyklary baradaky maglumatlary Russiýa geçirmek synanyşygynda aýyplanyp, tussag edildi. ABŞ bu tanklaryň ençemesini biraz öň rus hüjümlerinden goranýan Ukraina geçiripdi.
Li Birleşen Ştatlaryň Fort Blissde ýerleşýän goşunynyň iş başyndaky gullukçysy bolup durýar. Ol “düýpden gizlin” diýen belgisi bolan gizlin maglumatlara elýeterliligi bolan harby diýlip bilinýär.
Derňewçileriň maglumatlaryna görä, ol 2025-nji ýylyň maý aýyndan şu güne çenli aralykda bu tank hakynda tehniki maglumatlary Russiýa bermäge synanyşypdyr.
Teýlor Adam Li iýul aýynda rus hökümetiniň wekili hasaplaýan bir adam bilen duşuşdy we oňa M1A2 Abrams tanky, ABŞ harbylary tarapyndan ulanylýan başga bir sowutly söweş ulagy we söweş operasiýalary baradaky maglumatlary öz içine alýan fleş disk berdi.