ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio "islendik urşuň soňlanmagyndaky esasy element territorial meseleler bolar" diýdi.
Ol bu sözleri ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Stiwen Witkoffyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen 6-njy awgustda, Kremlde geçiren duşuşygyndan soň "Fox Business" neşirinde Larri Kudlow bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Rubio bu duşuşygyň "netijeli" bolandygyny we taraplaryň öňe ilerlemegi dowam etdirmelidigini aýtdy.
Prezident Donald Tramp bu gepleşikleriň netijesi barada ýewropa liderleriniň birnäçesine gysgaça maglumat berdi.
"Öňümizdäki günlerde biz ýewropaly ýaranlarymyz, ukrainalylar bilen gepleşik geçirip, bu meselede nähili ilerleme gazanyp biljekdigimizi göreris" diýip, Tramp aýtdy.