Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi


Oguljahan Atabaýewa öz işleýän gaznasynyň durmuşa geçirýän işinde çagalara we olaryň beden, ruhy taýdan saglygyny goramaga aýratyn üns berilýändigini aýdýar.
Oguljahan Atabaýewa öz işleýän gaznasynyň durmuşa geçirýän işinde çagalara we olaryň beden, ruhy taýdan saglygyny goramaga aýratyn üns berilýändigini aýdýar.

7-nji awgustda Awazada zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirýän üçünji maslahatynyň çäklerinde bolan duşuşyk “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” diýlip atlandyryldy.

Duşuşyga deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Hereketleriň Awaza maksatnamasy bu ýurtlarda ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, dürli meseleleri çözmäge gönükdirilip, zenanlaryň bu maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy, resmi habara görä, durnukly ösüşi gazanmaga ýardam berýän möhüm şertleriň biri bolup çykyş eder.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bu duşuşykda eden çykyşynda öz işleýän gaznasynyň durmuşa geçirýän işinde çagalara we olaryň beden, ruhy taýdan saglygyny goramaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy.

Bu maslahat türkmen bazarlarynda dilegçilik edýän garrylaryň we çagalaryň barha köpelýän, zähmet migrasiýasyna gitmekçi bolýanlaryň sanynyň görülmedik derejelerde artýan wagtynda geçirildi.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýaşaýjylar türkmen häkimiýetleriniň ilatyň arz-şikaýatlaryny diňlemeýändigini, durmuş, iş meselelerini çözmek bilen düýpden gyzyklanmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda ýurtda dowam edýän agyr işsizligi, ykdysady çökgünligi resmi taýdan boýun almaýar we durmuş şertleriniň yzygiderli ösdürilýändigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG